MEDENIÝETSUNGAT ADAMLARYSUNGAT MEKDEBLERI

Magtymgulynyň şygyrlary türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde

Magtymguly Pyragy… Bu at XVIII asyr türkmen klassiki edebiýatynyň özboluşly simwolyna öwrüldi. Akyldar şahyryň döredijiligi edebiýat äleminde täze ýol açyp, uly öwrülişiklere getirdi.
Beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ölmez-ýitmez setirleri adamzat durmuşynyň gymmatlyklaryny, adam bilen tebigatyň sazlaşygyny beýan edip, ýaşaýyş durmuşyndaky soraglara degerli jogap berýär.
Magtymguly Pyragynyň goşgularynda gündogar şygryýetine we sazlaryna mahsus bolan beýik duýgular wasp edilýär. Onuň söýgi lirikasy özüniň ajaýyplylygy, täsirliligi we goşgyny inçelik, ussatlyk bilen wasp etmiginde tapawutlanýar. Magtymgulynyň köp taraply döredijiligi häzirki zaman, professional türkmen kompozitorlary üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi.
Türkmeniň professional kompozitorçylyk mekdebiniň düýbini tutujylaryň biri bolan, Türkmenistanyň halk artisti tanymal kompozitor Aşyr Kulyýewiň “Magtymguly” simfoniki poemasyny alyp göreliň. Eser 1948 ýylda döredilýär we Magtymguly Pyragynyň simfoniýa sazyndaky obrazynyň başlangyjy bolýar. Poemanyň aýdyň we özboluşly sazynda Watanyny jany-teni bilen söýýän beýik raýat-şahyryň obrazy görkezilýär.
Türkmenistanyň halk artisti, Magtumguly adyndaky halkara baýragynyň laureaty, kompozitor Weli Muhatowyň “Magtymgulynyň ýadygärligine” 1-nji simfoniýasy bolsa türkmen simfonizminiň iň beýik nokady bolup durýar. Onda beýik türkmen şahyrynyň obrazy, onuň türkmeniň ykbaly baradaky çuň manyly pikirleri, onuň filosofiýasy wasp edilýär. Simfoniýanyň sazynda iki saz çyzgydy utgaşyp gidýär:
1.Şahyrynyň söýgisi we onuň bagtly durmuş baradaky arzuw –hyýallary,
2.Patriot-şahyryň raýatlyk pozisiýasy.
Simfoniýanyň saz dramaturgiýasy alty sany liriki-psihologiýaly bölümlere esaslanýar. Weli Muhatowyň simfoniýasynyň esasy temalarynyň biri bu şahyryň obrazynyň temasy bolup, onda kompozitor türkmen halk heňi “Keçpelegiň” gaýtadan işlenen görnüşini (Magtymgulynyň sözlerine) ulanýar.
Simfoniýanyň üçünji bölümindäki goboýyň solosy gündogar melizmine baý şekillendirlen, üýtgäp durýan metrikaly we ritmikaly ajaýyp liriki heňi berýär.
Finalda – aýdyň, durmuşy ykrar edýän döredijilik konsepsiýasy, Türkmeniň ýagty geljegine ynam duýulýar:

“Jeýhun bilen Bahary – Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň,
Gül-gunçasy – göra gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň”

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary Daňatar Öwezow, Weli Ahmedow, Aman Agajykow, Çary Nurymow, Nury Halmämmedow ýaly kompozitorlaryň kamera-wokal sazlarynda hem uly orny eýeleýär. Magtymgulynyň sözleri saz bilen tebigy ýagdaýda, ýeňil baglanyşýar we gaýtalanmaýan milli öwüşgini döredýär. Nury Halmämmedowyň zehini Magtymgulynyň sözlerine ajaýyp romanslar toplumy döredti: “Gözel Şirgazy”, “Soňudagy”, “Pukaraýam”.
Lebaply zehinli kompozitor Batyr Soltanow Magtymgulynyň sözlerine liriki-psihologik meýilnamaly üç romans döredti: “Gara gözleriň”, “Gülzardan aýryldym”, “Gaşy ýaý”. “Gülzardan aýryldym” romansy arassa ýagty gussa ýugrulan, aýratyn içginligi bilen tapawutlanýar. Romansyň sazy üçin häsiýetli bolan pessaýlaýan sekundaly göçümler, akgynly depgin hereketi, ýeňiljek forşlaglar, gündogar elementleri şahyryň Meňlä bolan beýik söýgisini diýseň uly ýürekdeşlik bilen beýan edýärler. “Gara gözleriň” romansynda dramaly ariozlylyk, tolgunýan adam gürrüniniň intonasiýasyny beýan etmeklik höküm sürýär. Bu bolsa öz gezegunde heň frazalarynyň dartgynlygyny, ýokary we aşak registrleriň kontrastyny (gapma-garşylygyny), garmoniýa ýitiligini we labyzlylygyny berýär.
Şeýlelikde, häzirki zaman professional türkmen kompozitorlarynyň saz stiliniň komponentleri, ýagny melodika, garmoniýa, faktura, görnüş, özünde milliligi we awtoryň pikirleniş öriginallygyny birleşdirýär hem-de ýeke täk bir maksada – Magtymguly Pyragynyň unikal, gaýtalanmajak, ajaýyp şygryýetini has takyk we doly beýan etmäge gulluk edýär.
Magtymguly Pyragynyň poeziýasynyň müdümi temasy bolan, ýatlamalar we unudylyş, söýgi we ýalňyzlyk, durmuş manysynyň irginsiz gözlegi we bu dünýäde barlygyň begenji türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde öz beýanyny tapdy.
Kompozitorlaryň eserleriniň dramaturgiýa we gurluş esasyny düzýän prinsipleriniň möhümleriniň biri – özara bagly we biri-biriniň üstüni ýetirýän, iki medeniýetiň, Gündogar mediýetiniň Günbatar Ýewropa medeniýeti bilen utgaşygydyr.

Ýuliýa Jumaýewa, sazşynas,
Lebap welaýat ýorite sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply