- ESASY HABARLAR, SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply türgenler Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy oýunlarynda üstünlik gazandylar

Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy oýunlarynda lebaply türgenler hem üstünlikli çykyş etdiler. Döwletli etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň we Dänew etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçileri Muhammet Temirow we Dinara Ibadullaýewa kümüş medal gazandylar.

Ýaryşlar 27-nji awgustda başlandy we 7-nji sentýabrda tamamlandy. Olara ýüz ýurtdan dört müňden gowrak türgen gatnaşdy. Dünýäniň ähli künjeklerinden ýygnanan türgenler sportuň ýigrimi görnüşi boýunça dünýäniň çempiony diýen ady almak ugrunda göreşdiler. Türkmenistandan bu oýunlara otuz ýedi türgen gatnaşdy. Olar sportuň bäş: sambo, söweş sambosy, jiu-jitsu, kuraş hem-de guşakly göreş boýunça çykyş etdiler. Oýunlaryň tamamlanmagyna iki gün galanda, türkmenistanly türgenler ýigrimi bäş medalyň eýesi boldular. Olaryň dokuzy altyn, on biri kümüş, bäşisi bürünç medallardyr. Medallaryň ikisini lebaply türgenler gazandylar.

Göreş boýunça ýetmiş üç kilogram agram derejesinde çykyş eden Muhammet Temirow diňe final duşuşykda garşydaşyndan asgyn geldi we ikinji orny eýeledi. Sabmoçy Dinara Ibadullaýewa hem tutluşyklary şeýle netije bilen tamamlady. Ol garşydaşlary bilen kyrk sekiz kilogram agaram derejesinde göreşdi.

Muhammet Temirowyň ýurdumyzyň tejribeli türgenleriniň biridigini bellemek gerek. Birinji altyn medalyny ol entek on sekiz ýaşynda wagty Stambulda (Türkiýe) alypdy. Şonda ol kyrk alty kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kuraş boýunça dünýäniň çempiony bolupdy. Şondan bäri hem oňa üstünlikler ýaran. 2013-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda ikinji orny eýeläpdi. 2016-njy ýylda ýurdumyzyň çempiony boldy. Şol ýyl Wýetnamda geçirilen kenarýaka Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy. 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda hem üçünji orny eýeledi.