JEMGYÝET

Lebap welaýatynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Lebap welaýatynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň zalynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde ýazylýar diýip, Turkmenportal habar berýär.
Guramaçy tarap kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerinde bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýär.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800422) 3-17-28.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply