BILIMJEMGYÝETMEDENIÝETSUNGAT ADAMLARYSUNGAT MEKDEBLERI

Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparynyň konserti

Garaşsyzlyk nagmalary belentde ýaňlanýar

Türkmeniň täze taryhynda aýdyň sahypalary açan “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda şanly Garaşsyzlygyň 29 ýyllygynyň baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň dürli ýerlerinde dabaraly toýlanylýar. Şeýle çäreleriň biri hem Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda uly şowhun bilen geçirildi. Onda sungat mekdebiniň “Owaz” a’kapella we “Miras” aýdym-saz toparlary şeýle hem “Dutarçylar ansambly” Garaşsyz, baky Bitaraplygyň mekany bolan eziz Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýetilen beýik ösüşleri wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. “Gyrmyzy” tans topary ajaýyp tanslary bilen sahnany has-da gözelleşdirdi. Horuň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Görogly” operasyndan “Toý tutmuşam” aýdymynyň ýaňlanmagy – türkmen halkynyň şöhratly taryhyna bolan guwandyryjy duýgyny artdyrdy. Ondan başga-da skripkaçylar ansamblyň ýerine ýetiren “Kebelek”, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary ansamblynyň ýerine ýetiren “Aşgabat” atly eserleri özleriniň kalbyňy maýyl ediji hoş-owazlary bilen dabaraly çärä öwüşginini çaýdy. “Ýaňlan Diýarym” telebäsleşiginiň ýeňijileri Rozymamedow Magtymgulynyň we Güljemal Taýlyýewanyň ýerine ýetiren aýdymlarynda bolsa, her bir güni toý-baýramlara beslenýän parahatçylygyň, döredijiligiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan güneşli Diýarymyzyň, şanly Garaşsyzlygymyzyň waspy göwünleri galkyndyrýan “Buýsançnama” bolup belentden ýaňlandy.

Lebap welaýat ýörite sungat
mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti”
bölüminiň mugallymy Çaryýewa Mähri.

YouTube (Jeyhun TV)

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply