TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde täze sergi açyldy

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde nakgaş Rahmangeldi Akmämmedowyň suratlarynyň wagtlaýyn sergisi açyldy.
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat suratkeşler şahamçasynyň bilelikde «Halypalyk ýoly — ussatlyk ýoly» diýen at bilen guralan sergi nakgaşyň 80 ýyllyk ýubileýine bagyşlandy we onda awtoryň dürli ýyllarda döreden eserleri goýuldy.
Rahmangeldi Akmämmedowyň döredijiligi köp taraplylygy, millige ýugrulanlygy, şol bir wagtyň özünde umumadamzat gymmatlyklaryny hem özünde jemleýändigi we çuň filosofiýa baýlygy bilen tapawutlanýar.
Sergä gelýänler onuň «Çapakçy folklor», «Amyderýanyň kenary», «Tiz wagtdan baýramçylyk bolar», «Lebaply gyz», «Güýz», «Natýurmort», «Çagalyk ýatlamalary», «Şäheriň gözelligi», «Biziň howlymyz», «Şähere barýan ýol» ýaly we beýleki eserleri bilen tanşyp bilerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply