BILIMJEMGYÝET

Kitaphanalar boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly mynasybetli kitaphanaçylaryň arasynda yglan edilen hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyry jemlendi.
Hünär bäsleşigi şertleriň ýedisini öz içine aldy. Olarda kitaphanalaryň daşky we içki bezeglerini, resminamalarynyň talabalyklygy, görnükli ýazyjy-şahyrlar bilen bagly belli senelerde okyjylar bilen duşuşyklardyr maslahatlary geçirmek, sanly ulgamyň ulanylyşy ýaly aýratynlyklara baha berildi. Şeýle hem kitaphanaçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary boýunça okyjylar bilen gürrüňdeşlik guradylar hem-de özleriniň erkin çykyşlaryny hödürlediler. Hünär bäsleşiginiň jemleýji şertinde kitaphanaçylardan metbugatdaky çykyşlarynyň sanawy talap edildi.
Eminler topary welaýat kitaphanasyny baş baýraga, Halaç etrabynyň Garabekewül şäher kitaphanasyny birinji, Türkmenabat şäher kitaphanasyny ikinji, Dänew etrabynyň Seýdi şäher kitaphanasyny bolsa üçünji orna mynasyp gördüler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply