BILIMYLYM WE TEHNIKA

Iki ýokary okuw jaýynyň arasynda wideoköpri guraldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd döwlet durmuş-mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlik iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda baglaşylan özara hyzmat etmek hakyndaky Ähtnama daýanýar. Şu gezekki onlaýn duşuşyk şol Ähtnamanyň çäginde durmuşa geçirilýän işleriň ilkinjileriniň biridir.
«Bitarap Türkmenistan — mümkinçilikleriň we ösüşleriň merkezi» diýlip atlandyrylan onlaýn pikir alyşma iki ýokary okuw mekdebiniň rektorlarynyň çykyşy bilen başlady. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty, halkara gatnaşyklaryndaky bilim hyzmatdaşlyklary bu çykyşlaryň özenini düzdi. Türkmenistanyň Astrahandaky konsullyk edarasynyň guramaçylyk etmeginde geçirilen onlaýn duşuşygyň dowamynda iki ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň hem birnäçesi çykyş etdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, türkmen Bitaraplygynyň döwletara gatnaşyklarynda, ylym-bilim ulgamyny ösdürmekdäki ähmiýeti, Türkmenistan — Russiýa hyzmatdaşlygyň iki ýurduň ýaşlarynyň gözýetimini giňeltmekdäki ähmiýeti pikir alyşmalaryň özenini düzdi.
Onlaýn duşuşygyň ahyrynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly widegörnüşlere bilelikde tomaşa edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply