Türkmenistanyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara dabaraly ýagdaýda pul sowgatlary gowşurylýar.

Bu Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýruguna laýyklykda alnyp barylýar. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturalarda, doktoranturalarda we kliniki ordinaturalarda okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe alýan gyzlara 2020-nji ýylyň 1—6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli altmyş manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.

Şeýle sowgat aýal-gyzlara her ýyl Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda gowşurylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: