- ESASY HABARLAR, SPORT WE SYÝAHAT

Güýzki at çapyşyklary başlandy

Lebap welaýatynyň atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

Şu waka mynasybetli bolan konsertde welaýatyň sungat ussatlary dürli aýdymlary ýerine ýetirdiler. Tans toparlarynyň agzalarynyň joşgunly aýdymlaryň sazlaryna goşup, ýerine ýetiren sazlaşykly hereketleri, folklor toparlarynyň çykyşlary töwerege baýramçylyk ruhuny çaýdy. Şonuň ýaly-da, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary boldy. Ýaş nakgaşlaryň asman bedewlerine bagyşlap çeken suratlarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem guraldy.

Soňra atlary aýlawa goýberdiler. Çapyşyklara welaýat athanasynyň atlary bilen bir hatarda daýhan birleşikleriniň, kärhanalaryň, edaralaryň we hususy hojalyklaryň bedewleri hem gatnaşdylar. Ýaş aýratynlyklaryna görä, olar dürli aralyklara goýberildi. Atlary çapan çapyksuwarlar pellehanadan ilkinji bolup geçmek üçin elinde baryny gaýgyrmadylar. Her gezekki aýlawdan soň ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Welaýat atçylyk sport toplumy 2011-nji ýylyň aprelinde ulanylmaga tabşyrylypdy. Ol elli gektar meýdany tutýar. Onuň çapuw ýodasynyň uzynlygy bir müň sekiz ýüz metre barabar. Toplumda ýigrimi orunlyk myhmanhana, iki ýüz at saklamaga niýetlenen dört sany athana bar. Toplumyň düzümine tälimçiler we nobatçylar üçin niýetlenen ýörite otaglar, dynç alyş otaglary, naharhana, şonuň ýaly-da seýisler we çapyksuwarlar ýaşar ýaly jaýlar hem girýär. Tomaşaçylar üçin tribunada üç müň adam ýerleşýär. Toplum açylanyndan bäri bu ýerde her ýyl ýazky we güýzki at çapyşyklary geçirilýär.