DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dubaýdaky iň uly çüwdürim Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Dubaýda 7327 m2 meýdany tutýan palma suw çüwdürim işläp başlady. Bu barada «YouTube-канал Global News»-e salgylanmak bilen, Koresspondent.net habar berýär.
Ol dünýäde iň iň uly suw çüwdürimi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Fontan adamlar üçin bütin ýylyň dowamynda açyk bolar. Onuň suwy 105 metr beýiklige çenli galýar we onda 3 müň gowrak diod yşykly lampoçkalar oturdylan.
Ozal Dubaýda dünýädäki iň uly myhmanhana açylypdy. «Gevora» diýlip atlandyrylan täze rekordsmen myhmanhana Sheikh Zayed Road merkezi şosseniň ugrunda ýerleşýär. Onuň beýikligi 356 metre barabardyr, gatlarynyň sany bolsa 75-e ýetýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply