SPORT WE SYÝAHAT

Birinji liganyň Lebap zolagynda ikinji aýlawa badalga berildi

Geçen hepdäniň dynç alyş günleri Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň Lebap zolagynda ikinji aýlawyň duşuşyklaryna badalga berildi. 8-nji tapgyryň çäginde göz öňünde tutulan dört duşuşygyň, häzirlikçe, ikisi geçirildi.
«Garagum» bilen «Amyderýanyň» arasyndaky duşuşykda bu toparlaryň birinjisi 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 90-njy minutda Zarif Batyrjanow geçirdi.
«Demirýolçy» — «Miras» duşuşygynda bolsa derwezelere jemi dört pökgi geçirildi. Ýaryşyň ikinji basgançagynda barýan hem bolsa, bu duşuşykda «Demirýolçynyň» utulmagy janköýerleriň hem garaşmadyk ýagdaýy boldy. Has takygy, «Miras» güýçli garşydaşyny 3:1 hasabynda ýeňdi.
Ýeňiji toparyň pökgülerini 33-nji minutda Yhlas Bahramow, 38-nji we 60-njy minutlarda bolsa Batyr Hudaýkulow geçirdi. «Demirýolçy» bolsa bu üç pökgä diňe 42-nji minutda Tahyr Rejepbaýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly bilen jogap berip bildi.
Şu netijelerden soňra, utugyny 16-a çykaran «Garagum» ýaryşyň ikinji basgançagyna çykdy. Möwsümdäki bäşinji ýeňşini gazanan «Miras» bolsa 15 utuk bilen ilkinji üçlüge ýerleşdi.
Tapgyryň çägindäki «Farap» — «Köpetdag» duşuşygyny 7-nji oktýabrda geçirmek meýilleşdirilýär. «Derýaçy» bilen «Çärjewiň» arasyndaky duşuşygyň geçiriljek güni bolsa heniz belli däl.
Zolakda 9-njy tapgyryň duşuşyklaryny 10-njy we 11-nji oktýabrda geçirmek göz öňünde tutulýar. Tapgyrda «Köpetdag» «Çärjewi», «Amyderýa» «Faraby», «Miras» «Derýaçyny», «Garagum» bolsa «Demirýolçyny» kabul eder. Soňky iki duşuşygyň netijeleriniň çempionlyk ugrundaky ýaryşa täsirini ýetirjekdigini aýdyp bileris.
Türkmenistanyň futbol çempionaty. Birinji liga. Lebap zolagy.
8-nji tapgyryň netijeleri:
«Garagum» — «Amyderýa» — 1:0.
Pökgi geçiren: Zarif Batyrjanow, 90.
«Demirýolçy» — «Miras» — 1:3.
Pökgi geçirenler: Tahyr Rejepbaýew 42 (11 m.j.u.) — Yhlas Bahramow 33, Batyr Hudaýkulow, 38, 60.
Iň netijeli futbolçylar:
Azamat Açylow, «Derýaçy» — 8 pökgi;
Ýusup Nurmämmedow, «Derýaçy» — 8 pökgi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply