- ESASY HABARLAR, YKDYSADYÝET

Birinji Hazar ykdysady forumynyň meýdanlarynda lebaply önüm öndürijileriniň sergisi boldy

Şu günler diňe bir Hazarýaka ýurtlarynyň däl-de, Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesiniň hyzmatdaşlarynyň ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklarynyň merkezine öwrülen birinji Hazar ykdysady forumynyň meýdanlarynda innowasion tehnologiýalaryň we «Türkmen sährasy — 2019» awtomobil halkara sergileri guraldy. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda guralan bu sergide ylmyň we tehnikanyň gazananlary bilen bir hatarda, dünýäniň önüm öndürijileriniň önümleri hem goýuldy. Ýurdumyzyň pawilýonlary, şol sanda, Lebap welaýatynyň pawilýony hem köp adamly boldy.

Uzynlygy dokuz we ini dört metre barabar bolan pawilýon ozaly bilen ýurdumyzyň gündogar sebitine mahsus bolan görnüşde bezelişi bilen foruma gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Onda welaýatyň iri önüm öndürijileri özleriniň önümlerini goýdular. Olaryň köpüsi diňe bir içerki bazaryň talaplaryny ödemek bilen çäklenmän, eksport edilmäge hem niýetlenilendir. Aýratyn hem, dokma senagatynyň önümleri, garaköli baganadan taýýarlanylan önümler we oba hojalyk önümleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Taryhy we tebigy ýadygärlikleriň köp esse kiçeldilen maketleri bolsa forumyň myhmanlaryny sebitiň gözel ýerleri bilen tanyşdyrdy. Olarda Köýtendagyň haýran galdyrýan ýerleri, Amyderýanyň kenarynyň özboluşly tebigaty takyk şekillendirilipdir. Bu ýerde döwlet tarapyndan goralýan Astanababa taryhy we medeni ýadygärligi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilipdir. Gawun kakyndan oňarlan Daýahatyn taryhy ýadygärliginiň maketini bolsa forumyň myhmanlary haýran galmak bilen synladylar.

Lebap welaýatynyň kärhanalary öz önümlerini Türkmenistanyň ministrlikleriň we pudak edaralarynyň sergi pawilýonlarynda hem görkezdiler.