- Bank hyzmatlary, ESASY HABARLAR

BANK AMALLARY KÄMILLEŞÝÄR

    Ýurdumyzda düýpli özgerişlikleriň we ýokary depginli ösüşleriň amala aşyrylmagynda bank ulgamynyň orny aýratyn bellemäge mynasypdyr. Karz edaralary tarapyndan raýatlara hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň sanynyň artmagy, hiliniň ýokarlanmagy hojalyk subýektlerini ýeterlik möçberde pul serişdeleri bilen üpjün etmäge, töleg-hasaplaşyk düzgünini berjaý etmäge, karza bolan islegleri doly kanagatlandyrmaga, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde, önümçiligiň netijeliligi we düşewüntliligi ýokarlanýar, halk hojalygynyň pudaklary maliýe taýdan durnuklaşýar.

    Bazar ykdysadyýetiniň häzirki şertlerinde bank ulgamynyň maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmak, karz edaralarynyň maýa goýum işlerini işjeňleşdirmäge gönükdirilen karz möçberlerini artdyrmak ýurtda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçilik maksatly karzlaryň möçberleri ep-esli artdy, telekeçiler üçin ýeňillikli karzlar berilýär. Şunuň bilen bir hatarda şahsy we edara görnüşli taraplara edilýän bank hyzmatlarynyň täze görnüşleri işjeň ösdürilýär.

    Türkmenistan döwletimiziň dünýä bileleşigine has giňden goşulyşmagy, ýurdumyzda döwlete degişli däl eýeçiligiň geriminiň giňelmegi we bazar gatnaşyklarynyň has giň ornaşdyrylmagy bilen maliýe bazarynda hem düýpli özgerişlikler bolup geçýär. Banklar maliýe serişdelerini çekmek boýunça öz işjeňligini artdyryp, munuň üçin amatly şertleri döredýär. Şeýlelikde, maliýe bazaryna ilaty has giňden çekmek maksady bilen hödürlenilýän iş mümkinçilikleriniň ýaýrawy giňeldilýär. Pul dolanyşygynda töleg terminallarynyň, bankomatlaryň we dürli görnüşli bank kartlarynyň peýda bolmagy döwrüň talaby bolup, ol ýurdumyzyň bütindünýä ykdysady gatnaşyklaryna barha ynamly aralaşýandygynyň ölçegidir.

    Milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň maliýe üpjünçiligi, milli manadymyzyň hümmetiniň durnuklylygyny saklamak, bank hyzmatlarynyň häzirki zaman toplumyny hödürlemek we olardan netijeli peýdalanmak ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarydyr. Türkmenistanyň bank ulgamynyň halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy forumlaryň, duşuşyklaryň we taslamalaryň çäklerinde ösdürilýär.

    «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» aýratyn ähmiýete eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşlerini awtomatlaşdyrmaga we merkezleşdirilen tertipde dolandyrmaga, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlaryny döretmäge, sanly aragatnaşyk babatynda şäher we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş hal-ýagdaýynyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga uly mümkinçilikleri döreder.

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda geçirilýän köp ugurly özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady ulgamynyň işjeňlik derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn şertleri döredýär. Bu diňe bir banklaryň san taýdan köpelmegi bilen däl-de, eýsem olaryň ýerine ýetirýän amallarynyň baýlaşdyrylmagy we hil görkezijileriniň ýokarlanmagy bilen hem düşündirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän ähli işler ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has ýokary derejelere ýetmegine getirýär. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen adyl şygaryň durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hangeldi KURBANIÝAZOW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň kassa hyzmatlary we kassa amallaryna gözegçilik bölüminiň esasy hünärmeni.