SUNGAT MEKDEBLERI

BAHARYŇ BUŞLUKÇYSY (Liriki oýlanma)

Pasyllaryň soltany, al-ýaşyl lybasa bezenip, sülmüräp, mylaýym şemaly bilen ýüzüňi sypap, näz bilen bakyp, seýkin basyp gelýän Baharyň buşlukçysy garlawaç hoş habaryň, bagtyýarlygyň, umyt-arzuwyň, nesil dowamatyň nyşany hasaplanylýar. Şeýle-de, bu naşyja guşjagaz öý-ojagyň, rysk-berekediň goragçysy saýylýar. Il arasynda garlawaç bilen gumry Ýaradanyň iň eý görýän guşy diýilýär. Ata-babalarymyz bu guşlaryň höwürtgesini bozmagy ýaşkiçilere çagalygyndan berk sargyt edip gelýärler. Edil gumry ýaly bu guş ynsan balasyna hem diýseň ýakyn. Gözel Diýarymyzda keramatly guş saýylýan garlawaçlar höwürtgesini kenarlaryň, gaýalaryň, agaçlaryň köweklerinde, şeýle-de ýaşaýyş jaýlaryň üçeginde palçykdan gurýarlar.
Ene topraga jan girip, tebigat ýaňy oýanyp başladygy, bosagaňda jürküldeşip, kalbyňy heýjana salýan petekesi akja, kiçijik garaja guşlaryň höwürtge ýasamagyň aladasy bilen perwana bolşup, iki ýana uçuşyny görüp göwnüň galkynýar. Adama azarsyz bu guşlaryň seniň bilen goňşy bolup ýaşamagy bolsa her bir maşgala agzasynyň başyny göge direýär. Garrylarymyzyň: «Garlawaç üçegimizde höwürtge ýasady, ojagymyzyň bereketi artar, gapymyzda toý bolar» diýip, doga okamagy, bu eýjejik guşjagaza bolan çäksiz söýgiňi artdyrar. Howada uçýan mör-möjekleri uçup barýarka, awlap bilýän guşlaryň gaýmalap uçuşyna, sekiniň üstünde oturan ýaňy dil açan çagajyklar hem pökgije barmagyny çömeldip, hezil edip tomaşa edýärler, olaryň gulagyňa ýakymly jürküldişini diňleýärler.
Garlawaçlar gele-gelmäne haýdan-haý bilelikde agzybirje bolup, höwürtge ýasamagyň ugruna çykarlar. Hojalygyň keşigini deň çekýän, ýumurtgany hem mäkiýanyň, hem horazyň bileje basyrşyny görkezip, bu kiçijik jandarlar saňa uly ahlaklygyň mekdebini görkezer. Ine, hä diýmän, ýumurtgadan jüýjejikler çykar welin çagalarynyň garnyny doýurjak bolup, iki ýana pelewläp, hars urarlar. Guşjagazlaryň höwürtgesini taşlap gitmeginden heder edip, öýüň ulusyndan kiçisine çenlisi guşlaryň gapdalynda gaty gürlemän, golaýyna pişigi ýakynlaşdyrman, gara başyňa gaý bolar. Sähel wagtdan bolsa etene guşjagazlar ene-ata mährinden ine-gana doýup, ers-mers bolup ýetişerler. Höwürtgeleme möwsümi gutaransoň, güýzüň ýakynlaşmagy bilen ýüregiň töründe orun alan, ynsan balasynyň ýakyn maşgala agzasy saýylýan bu eýjejik guşlaryň höwürtgesiniň indiki ýaza deňiç abat galmagynyň aladasynda bolarsyň.
Il arasynda öz maksadyna ýetmekde ruhubelentlik bilen öňe ymtylýan adama inçe uzyn çowly ganatly, guýrugynyň ortasy gädik, çalt uçýan guşjagazyň çalasyn hereketine deňäp, «Garlawaç dek ganat beklän ynsan» diýilýär. Niçe döwürden bäri ynsan kalbynda mähirliligi bilen hemişelik orun alan mukaddes ojagymyza döwlet getirýän garlawaçlar hä diýmän, baharyň buşlukçysy bolup ülkämize hoş habar getirip, şatlygymyza şatlyk goşar.

Şahnoza Baratowa,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Horeografiýa sungaty» bölüminiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply