Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri Amyderýanyň orta akymlarynda we onuň iki kenaryndaky çöllügiň ekoulgamyny saklap galmak we dikeltmek ugrunda maksada laýyk işleri alyp barýarlar. Ol 1982-nji ýylda döredildi. Goraghana Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň demirgazyk-gündogar böleginde Darganata, Dänew we Farap etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär we 48,3 müň gektar meýdany tutýar. Goraghananyň garamagynda meýdany 103 müň gektara deň bolan Kelif çäkli goraghanasy hem bardyr. Ol , Halaç we Kerki etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär. Kelif döwlet tebigy çäkli goraghanasy Türkmenistanyň has günorta etraplaryndaky suw-batgalyklarda gyşlaýan guşlary hem-de Kelif kölleriniň tebigy toplumlaryny gorap saklamak maksady bilen döredildi.

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çäkleriniň düzümine Amyderýanyň suwüsti, tokaýlar we Gyzylgum çölüniň bölümleri girýär. Goraghananyň köp bölegini düzlük-çöllük ekoulgamlar düzýär.

Goraghananyň çäginde ýokary derejeli ösümlikleriň 227 görnüşi hasaba alyndy. Onuň haýwanat dünýäsi dürli-dürlüdir. Oňurgasyzlaryň faunasy birnäçe ýüz görnüşden ybarat. Möýleriň 80 görnüşi bolup, olaryň hem köpüsine ilkinji gezek ýazgy berlendir. Goraghananyň çägindäki Amyderýanyň suwlarynda, akabalarda, zeýkeşlerde we derýanyň köne hanalarynda balyklaryň 36 görnüşi duş gelýär

Ýerde-suwda ýaşaýanlar iki görnüşden, ýagny, gök gurlawuk we köl gurbagasyndan ybaratdyr. Süýrenijiler 28 görnüşden ybarat bolup, olar, esasan hem, çöl bölümlerinde duş gelýärler.

Ýylyň dürli döwürlerinde guşlaryň 265-е golaý görnüşi goraghananyň çäklerinde hasaba alyndy.

Süýdemdirijiler 44 görnüşden ybarat, olardan 4-isi mör-möjek iýijiler, 5-isi golganatlylar, 1-i towşan şekilliler, 18-isi gemrijiler, 13-üsi ýyrtyjylar we 3-üsi toýnaklylara degişlidir.

Mör-möjek iýijilerden gulakman kirpi, tokaýlarda kiçi akdiş uzyntumşuklyja, çöl ýaşaýjysy alabasar adatydyr. Golganatlylar sany boýunça köp däldir. Goraghananyň çäginde çypar agşamçy ýarganaty göçüp-gonuş döwründe hasaba alnandyr. Towşan köp ýaýrandyr. Gemrijilerden çäge çulugy, öý syçany sany boýunça agdyklyk edýär. Çöl ýaşaýjylary bolan alaňňyrt we tüýlek aýakly atýalman adatydyr. Oklukirpi örän seýrek duş gelýär. Uýgunlaşdyrylan suwiti, ondatra hem hasaba alnan. Ýyrtyjylardan şagal, tilki, torsuk, solowsar, alajagözen, garagulak, gunduz hem duş gelýär. Tokaýlarda toýnaklylardan ýekegapan, tokaý suguny, çölde  keýik ýaşaýar.

Goraghana döredilen wagtynda oňa adam tarapyndan az-kem zeper ýetirilen meýdanlar berlipdir. Gorag düzgünleriniň berjaý edilmeginiň netijesinde tebigy ekoulgamlar öňki ýagdaýyna geldi, haýwanlaryň we ösümlikleriň, şol sanda olaryň seýrek görnüşleriniň sany köpeldi.

Ylmy-barlag işleri goraghananyň, çäkli goraghananyň hem-de goraghananyň ygtyýarlygyndaky – orta Amyderýa sebitiniň çäklerinde geçirilýär. Goraghanada we orta Amyderýa sebitiniň çäginde oňurgaly haýwanlaryň, ýokary derejeli ösümlikleriň tükellemesi doly, möýleriň hem-de mör-möjekler toparlarynyň tükellemesi bölekleýin geçirildi.

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çägindäki ösümlikleriň, haýwanlaryň birnäçesi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna we Tebigaty Goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: