BILIM

31 müň gowrak okuwçy ilkinji gezek mekdepleriň gapysyndan ätlediler

Bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem täze okuw ýyly başlandy.
Birinji sentýabrda ýurtda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär. Şu mynasybetli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, ýörite orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde dabaralar boldy. Olarda Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim işgärlerine iberen gutlagy okaldy.


Bu ýyl Lebap welaýatynda birinji synpa körpeleriň 31 müňden gowragy bardy. Olar 385 orta mekdeplerde we mekdep-internatlarda bilim alarlar. Her ýyl bolşy ýaly, bu gezek hem birinji synp okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterler sowgat berildi. Olar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürildi. Ol Hytaýyň «Hengsheng Lianhua Investment Management Co. Ltd.» we «Tongfang Hongkong limited» öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde döredildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, bu kärhananyň şahamçasyny Türkmenabat şäherinde açmak hem göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply