JEMGYÝET

2021-nji ýyldan Türkmenistanda abunaçylar gazetleri we žurnallary elektron görnüşine alyp başlarlar

2012-nji ýyldan Türkmenistanda abunaçylar gazetleri we žurnallary elektron görnüşinde alyp başlarlar. Kagyzda çap edilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerini diňe pensionerler alarlar. Bu barada ORIENT ýazýar.
Ýurtda neşir edilýän gazetleriň we žurnallaryň köpüsiniň häzirki wagtda elektron abuna ýazylmak mümkinçilikli elektron görnüşleriniň barlygy sebäpli, olaryň kagyza çap edilmeginiň maksadalaýyklygy hem-de mazmunyň meňzeşligi baradaky mesele öňe çykdy.
Ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary köp sanly döwürleýin neşirler üçin bölünip berlen döwlet emlägini tygşytlamak, ugurdaş mazmunlaryna esaslanyp, birnäçe gazet-žurnallary birleşdirmek barada teklipleri taýýarladylar.
Hususan-da, “Türkmen dili” gazetini “Mugallymlar gazeti” gazetine birleşdirip, umumylykda “Mugallymlar gazeti” ady bilen çap etmeklik teklip edilýär. Şeýle hem “Galkynyş” gazeti “Watan” gazetine şol tertipde birleşdiriler. Hünärmenleriň pikiriçe, munuň özi eýýäm 120 tonna kagyzy tygşytlar.

Iki sany žurnalyň — “Diýar” hem-de “Возрождение” žurnallarynyň birleşip, türkmen, iňlis we rus dillerinde “Diýaryň” nyşany astynda çykmagy bilen ýene 3,7 tonna kagyz tygşytlanýar.
Gündelik gazetleriň redaksiýalarynyň işgärlerini azaltmak barada gürrüň ýok, hepdelik ýa-da aýlyk neşirlerde baş redaktoryň orunbasarynyň ýerine uly habarçy wezipesi giriziler we jogapkär kätibiň ygtyýarlyklary giňeldiler.
Ýene bir täzelik: gazet-žurnallaryň tiražynyň azalmagy bilen baglylykda, bahalary birneme ýokarlandyrmak meselesine hem täzeden serediler.
ORIENT-iň habaryna görä, adaty kagyz gazetlerine we žurnallaryna şahsy abuna ýazylmak diňe pensionerler üçin saklanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply