COMMUNITY

Akylly öýleriň» akyly nämä çatýar?

Aşgabadyň ösdürmegiň ýakynda açylan 16-njy tapgyrynyň binalarynda, ozal hem habar berlişi ýaly, «akylly öý» taslamasy ornaşdyryldy. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada ulgamyň işleýşine düşündiriş berildi.
Paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary «akylly öý» ulgamynyň dürli görnüşli sensorlaryny öwrenmek, olary öý hojalygynda gurnamak hem-de ulgamyň içindäki döräp biläýjek näsazlyklary aradan aýyrmak ýaly işleri tapgyrlaýyn amala aşyrdylar. Uzak aralykdan dolandyrylýan iýmitlendiriş çeşmesini ýa-da yşyklandyryşy muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.
Öý eýesi ýok wagty, jaýyň suw geçirijilerinde şikes dörese, sensorlar suw syzmany duýýar we öý eýesine habar berip, suw geçirijileriň ählisini öçürýär. Şeýlelikde, eýesi ýok halatynda hem öýüň howpsuzlygy ýokary derejede üpjün edilýär. Adam ýok wagty öýde hereket duýulsa, intellektual ulgama ornaşdyrylan habar beriş enjamlary wideoşekil görnüşinde öý eýesine habar ugradýar. «Akylly öý» ulgamy «akylly» programmalaryň birnäçesinden ybaratdyr. Olar biri-biri bilen baglanyşykly bolup, merkezi nokatdan girip bolýar. Noutbuklar, planşetdir smartfonlar ýa-da beýleki «akylly» enjamlar merkezi nokat bolup hyzmat edýär.
«Akylly» programmalar öýdäki dürli işleri ýerine ýetirmek üçin ulanylyp bilner. Olar öýüň temperaturasyna we yşyklandyryşa gözegçilik edip, enjamlary açyp ýa-da öçürip bilýär. «Akylly öý» tehnologiýanyň ösüşinde gazanylan iň uly üstünlikleriň biridir. Şunuň ýaly öý awtomatizasiýasynyň esasy maksady rahatlykdyr. Çünki birtopar ownuk öý işlerini ýada salmak we ýerine ýetirmek, temperaturadan başlap, çyglylyga çenli gözegçilik diňe bir artykmaç wagt talap etmän, eýsem, ünsüňi bölýär. Şoňa görä-de, «akylly öý» ulgamy häzirki zamanyň iň amatly ofis we öý dolandyryş usuly hökmünde barha giň gerime eýe bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply